tbfabrik@mail.ru Mary welaýaty, Tagtabazar etraby, Erden geňeşligi

«Hytera» kompaniýasy «Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisine gatnaşýar

 

img-fluid

Hünäri we hususy telekommunikasiýa çözgütleri babatynda ykrar edilen öňdebaryjy «Hytera» kompaniýasy «Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisinde önümlerini görkezdi. Sanly tehnologiýalar sergisi hünäri radioaragatnaşyklary we dürli esbaplary öz içine alýardy.

«Hytera»-nyň Gyrgyzystandan gelen wekili Daniýar Taşkunow önümleriň ýokary hiline we ygtybarlylygyna ünsi çekmek bilen, radiobeketleriň tozana we çyga çydamly daşynyň bardygyny, şeýle hem aşa agyr şertlerde-de işläp bilýändigini aýtdy.

«Hytera» kompaniýasy ygtybarly hyzmatdaş, ýagny «Awtomatizasiýa tehnologiýa merkezi H.J.» kärhanasy bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly türkmen bazaryna girmäge-de gyzyklanma bildirýär. Sergä gatnaşmak Türkmenistanda kompaniýanyň işini ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.