Awazaly energetikler belent sepgitleri eýeleýärler
Berkarar döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny, medeni-durmuş ulgamlaryny elektrik energiýasy bilen üznüksiz üpjün etmekde bu gün beýik özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň düzümindäki önümçilik kärhanalarynda gazanylýan okgunly, depginli ösüşler hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Günbatar sebitiň Türkmenbaşy şäheriniň golaýynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky Awaza döwlet elektrik stansiýasynda buýsanç bilen dowam edýän «Pähim-paýh...