tbfabrik@mail.ru Mary welaýaty, Tagtabazar etraby, Erden geňeşligi
img-fluid

Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileri döwlete pile tabşyrmak boýunça meýilnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirýärler

Şu günler Daşoguz welaýatynyň ýüpekçileri tarapyndan döwlete pile tabşyrmak boýunça jogapkärli işler alnyp barylýar. Howa şertleri sebäpli bu ýerdäki ýüpek gurçuklaryny iýmitlendirmek ýurdumyzyň beýleki sebitlerine garanyňda biraz giç başlanýar.

Şeýle-de bolsa, gymmatly çig maly öndürmekde toplanan tejribe, ähli arassaçylyk we tehniki talaplary berk berjaý etmek netijesinde her ýyl içerki dokma senagaty üçin gymmatly çig mal bolan pile taýýarlamakda ýokary derejelere ýetýärler. Şabat etrabynyň ý

img-fluid

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 64 million dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Germaniýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, uçar we yşyklandyryş kerosinini, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi hem-de gidrawlik ýagyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emi...

img-fluid

Balkan welaýatynda pilä ideg işleri jemleýji tapgyrda barýar

Milli ykdysadyýetimiziň oba hojalyk toplumyny ösdürmek, ony hil taýdan täze derejelere çykarmak Diýarymyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň esasyny tutýar. Belent maksatlary özünde jemleýän şeýle işleriň çäklerinde gymmatly önüm bolan piläniň öndürilişini artdyrmak, ýüpekçilik pudagynda öndürijilikli zähmeti höweslendirmek işlerine uly üns berilýär.

Bu ugurda döwlet derejesindäki tagallalardan ruhlanan Günbatar sebitiň pileçileri şu ýyl bol pile hasylyny ýygnap, ýokary üstünlikleri gazanmag...

img-fluid

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 41 million 833 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Ukrainanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň işewürleri jins matasyny, nah ýüplügi, dokma galyndyl...

img-fluid

Gündogar sebitde pile ýygymy barha gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri irki möhletde pile ýygymyna girişdiler we bu möhüm çäre barha gyzgalaňly häsiýete eýe bolýar. Bu bolsa, sebitde ýüpekçilik boýunça işleriň guramaçylykly ýola goýlandygynyň, gurçuk idetmekligiň agrotehniki kadalarynyň doly berjaý edilýändiginiň buýsandyryjy netijeleridir.

Welaýatyň pileçileri şu möwsümde ykdysadyýetimiz üçin gymmatly çig mal bolan piläniň bir müň on tonnasyny öndürmekligi maksat edinýärler. Welaýatyň Çärjew etrabynyň ýüpekçileriniň 6 müň 525 gapdan g...

img-fluid

2024-nji ýylyň dört aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň görkezijileri 6,3 göterim artdy

2024-nji ýylyň dört aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň görkezijileri 6,3 göterim artdy. Bu barada sanly ulgam boýunça geçirilen maslahatda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow habar berdi.

Habar berilmegine görä, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň başyndan bäri bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim artdy.

Şeýle hem döwlet býujetiniň g...

img-fluid

Daşoguz welaýaty pile möwsümine taýýarlyk görüldi

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary ýetip gelýän pile ýygnamak möwsümine taýýarlyk görýärler.

Olar bu jogapkärli möwsümiň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň köp derejede ýerli zawodlaryň kesgitlenen talaplara laýyk gelmegine, jaýlaryň dezinfeksiýa edilişine we gurçuklaryň pile saramagy üçin ähli amatly şertleriň döredilmegine baglydygyna gowy düşünýärler.

Gurçuk saklanjak ýerleri ýylylyk, yşyklandyryş, howa çalşygy, howanyň çyglylygy we beýleki zerur şertler bilen üpjün etmek üçin zerur çäreler görüld...

img-fluid

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 46 million 102 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Pakistanyň, 

Owganystanyň, Maltanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen binýatlyk ýagy, az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, T...

img-fluid

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 109 million 641 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 75-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, uçar kerosinini, dürli kysymly awtobenzini, yşyklandyryş kerosinini, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan ba...