tbfabrik@mail.ru Mary welaýaty, Tagtabazar etraby, Erden geňeşligi
img-fluid

Türkmenistan - Türkiýe: ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda

Düýn geçirilen Türkmen-türk işewürlik maslahatynyň esasy meselesi geljek üçin ägirt uly mümkinçilikleri hasaba almak arkaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekden ybarat boldy. Forumy açmak bilen, oňa gatnaşyjylar okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň nukdaýnazaryndan çäräniň möhüm ähmiýetini bellediler. Bu gatnaşyklar soňky ýyllarda üsti ýetirilýän täze mazmun bilen hil taýdan depginli ösüşe eýe boldy. Nygtalyşy ýaly, şeýle işewürlik duşuşyklary ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmeg...

img-fluid

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 18 million 857 müň 180 dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.

Ukrainanyň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Belarusuň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň telekeçilerine portlandsement, tüýjümek önümler, nah ýüplük, aşgarlanmadyk mata, nah galyndylary ýerle...

img-fluid

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 50 million 863 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ýangyç mazudyny, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň işewür toparlarynyň wekilleri boýalan tüýjümek önüml...

img-fluid

Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatyna dürli ýurtlardan rekord derejede köp türgen gatnaşýar

Kuraş boýunça 14-nji dünýä çempionatyna Aşgabada 50 ýurtdan 240-dan gowrak türgen ýygnandy.

Bangladeş, Zimbabwe, Mongoliýa, Kuweýt, BAE, Hindistan, Yrak, Eýran, Kolumbiýa, Rumyniýa, Meksika – bular çempionlyk ugrunda sportçylaryň Olimpiýa şäherçesiniň söweş sungaty toplumynyň meýdançasynda pälwanlary güýç synanyşjak ýurtlaryň käbiri.

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň pälwanlary, şeýle hem Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň wekilleri ýeňiş gazanmagy niýet edinýärler, bu ýur...

img-fluid

Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionaty badalga alýar

Paýtagtymyz Aşgabat ýene bir iri sport ýaryşynyň geçirilýän merkezine öwrüler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararyna laýyklykda, 23 — 28-nji noýabrda ak mermerli paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde Kuraş boýunça XIV dünýä çempionaty geçiriler. Ol türkmen sportunyň taryhyna nobatdaky ajaýyp sahypa bolup ýazylar.

Türkmenistanda bu halkara ýaryşyň guralmagy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde çyky...

img-fluid

Türkmenistanyň wekilleri sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça halkara çärä gatnaşarlar

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň we Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekillerinden ybarat wekiliýet 2023-nji ýylyň 22–25-nji noýabry aralygynda Hytaýyň Hançzhou şäherinde geçiriljek MASYH innowasiýa we sanly ykdysadyýet sammitine gatnaşýar.

Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasy boýunça Aziýa ösüş banky tarapyndan guralan bu çäräniň maksady bilim we tejribe a...

img-fluid

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 29 million 492 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Türkiýäniň we Owganystanyň işewürleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň

img-fluid

Ýurdumyzda hasyl toýy dabaraly bellenildi

Düýn ýurdumyzda türkmen daýhanlarynyň ajaýyp zehinini we zähmetini, dogduk mekanynyň sahylylygyny görkezýän Hasyl baýramy giňden bellenilýär.

Ýaňy ýakynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýyl iň ýokary netijeleri gazanan oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, şeýle hem gymmat bahaly ...

img-fluid

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 214 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 36-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, BAE-niň, Pakistanyň, Belarusuň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň telekeçileri biz we aşgarlanmadyk matany, tekiz boýalan hem-de žakkard tüýjümek önümleri, nah ýüplügi, d...