tbfabrik@mail.ru Mary welaýaty, Tagtabazar etraby, Erden geňeşligi
img-fluid

«Arkadagly Ýaşlar» Žurnalynyň 10-Njy Sany Okyjylara Gowuşdy

Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň 10-njy sany okyjylara ýetirildi. Žurnalyň edebi işgärleri az wagtyň içinde toplanan tejribe bilen onuň ýene-de bir täsirli sanyny taýýarlapdyrlar.

Neşiriň täze sany Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň döredilmegine we hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary bilen onuň ilkinji eýesi bolmagyna bagyşlanan makala bilen açylýar. «El hünäri il gezer» atly makala bolsa Gahryman Arkadagymyzy...

img-fluid

Türkmenistan Türki Döwletleriň Guramasynyň ýurtlarynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etmek baradaky teklibi öňe sürdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada geçirilen Türki Döwletleriň Guramasynyň 10-njy Sammitindäki çykyşynda Türki Döwletleriň Guramasynyň ýurtlarynyň 2024-2025-nji ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk maksatnamasyny kabul etmek baradaky teklibi öňe sürdi.

«Mälim bolşy ýaly, soňky döwürde halkara gatnaşyklary ulgamy öz ösüşiniň kyn döwrüni başdan geçirýär. Dürli künjeklerde, şol sanda biziň ýurtlarymyza ýakyn sebitlerde syýasy-strategik ýag...

img-fluid

TDIM-inde Türkmen-Özbek gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryna seredildi

2023-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda ÝHHG-niň Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Bahtiýor Saidow bilen duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda iki ýurduň ministrleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň we depginli ösüş häsiýetini belläp, ýakyn wagtda geçiriljek çäreleriň we sammitleriň meýilnamalaryny ara alyp maslaha...

img-fluid

Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik Komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşdy.

Günortanlyk nahary wagtyndaky duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler iki döwletiň dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu bolsa özar...

img-fluid

Türkmenistanyň Innowasion Şäherinde “Arkadagyň Säheri” Atly Halkara Kinofestiwal Geçirildi

Şu günlerde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kinematograflarynyň gatnaşmagynda geçirilýän döredijilik çäresi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek guraldy. 

Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar be...

img-fluid

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenildi

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugt...

img-fluid

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Şu gün — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanýar. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

...Şol agyr ýyllardan bäri näçe wagt geçse-de, häzirki nesliň Watanyň edermen goragçylarynyň görkezen gahrymançylyklaryna goýýan hormat-sarpasy belentdir. Çünki olar nesilleriň nura...

img-fluid

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün agzybir türkmen halky Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 32 ýyllygyny uly buýsanç bilen belleýär.

Asylly däbe görä, esasy baýramçylyk çäreleri häzirki we geljek nesilleriň ýadynda müdimilik galjak taryhy wakanyň — Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň binagärlik nyşanyna — Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Bu çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Garaşsyzlyk güni ýurdumyzyň özygtyýarly ösüşindäki şöhratly...

img-fluid

Aşgabat Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli gözel görke beslendi

Aşgabadyň merkezi köçeleri we şaýollary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek esasy dabaralara mynasyp derejede sungat eserleri bilen bezeldi.

Ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly senä we möhüm wakalara bagyşlanan döwlet nyşanlary, milli bezegler we watançylyk şygarlary şähere baýramçylyk öwüşginini berýär.

Esasy hökümet binalarynyň öňünde oturdylan özboluşly tehnologik gurluşlar, multimediýa ekranlar we yşykly ýazgylar aýratyn täsir galdyrýar.

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň