Ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň arasynda halkara olimpiadalary geçiriler
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow 2024-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda geçiriljek halkara olimpiadalara, ylmy-amaly maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň mart aýynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti...