Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyşyna gatnaşdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşmagynda Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli baýramçylyk dabaralarynyň ýene biri geçirildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Hormatly Prezidentimiz ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesdi we şeýlelikde, täze desga açyldy. Döwlet Baştutanymyz binanyň içine girdi hem-de Akademiýanyň toplumy bilen tanyşdy. Bu ýerde döwrüň