tbfabrik@mail.ru Mary welaýaty, Tagtabazar etraby, Erden geňeşligi
img-fluid

Esengulynyň çeper elli halyçylary ýokary ösüşleri gazanýarlar

Asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan, halkymyzyň gadymdan gelýän milli senedi bolan halyçylygy ösdürmäge döwletimiz tarapyndan hemişe aýratyn üns berilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda bitirilýän guwandyryjy işler hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 

Türkmeniň bu inçe senedini ömürlik kesp-kär edinip, ykbalyny oňa baglan zähmetsöýer balkanly halyçylar hem döwletimiziň özleri barada, halkymyz hakynda edýän taýsyz tagallalaryna mynasyp zähmet üstünlikleri bilen j...

img-fluid

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 28 million 619 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we beýleki ýurtlaryň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, uçar kerosinini satyn aldylar. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa motor we çalgy ýaglaryny satyn aldylar.

Mundan başga-...

img-fluid

Magtymguly Pyragynyň özüne bendi ediji şygryýeti

Beýleki beýik şahsyýetler ýaly Magtymguly Pyragynyň şahsyýeti, ömri we döredijiligi köp sanly daşary ýurtly alymlaryň we öwrenijileriň ünsüni hemişe özüne çekýän jadyly güýç bolupdy diýsek uly açyş etdigimiz bolmaz.

Şahyryň ilkinji eserleri dünýä inen pursatyndan başlap, şahyrana setirleri, diliniň arassalygy, aýdyňlygy we gözelligi, özboluşly ýazuw usuly, pikirleriniň çuň tebigaty, döwrüň wakalaryny filosofiki beýan etmegi ony şahyrana giňişliginden dünýä şygryýetiniň giň orbitasyna çykaran jad...

img-fluid

Ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň arasynda halkara olimpiadalary geçiriler

Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow 2024-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda geçiriljek halkara olimpiadalara, ylmy-amaly maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň mart aýynda Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynda mekdep okuwçylarynyň arasynda halkara matematika olimpiadasy, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti...

img-fluid

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 900 müň dollaryna golaý boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Gazagystanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň tehnologik desgalarynda öndürilen polipropileni, BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen tehniki uglerody satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Beýik Britaniýanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Pakista...

img-fluid

Hormatly Prezindetimiz Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýerleşýän söwda öýleriniň işini has-da kämilleşdirmegi tabşyrdy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň daşary ýurtlarda ýerleşýän söwda öýleriniň işini has-da kämilleşdirmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň Hökümetiniň mejlisinde wise-premýer B.Atdaýew “Türkmenistanda öndürildi” milli haryt nyşanynyň şekilini taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrma...

img-fluid

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 120 müň dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. 

Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň işewürleri nah ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 120 müň dollaryna deň boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin “

img-fluid

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 446 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 33-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Şotlandiýanyň, Owganystanyň, Gruziýanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni we uçar kerosinini satyn aldylar. Şeýle-de BAE-niň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Mundan başga-da...

img-fluid

Türkmenabatly tikinçileriň ýokary netijeleri

Türkmenabadyň tikin fabriginiň zähmetsöýer tikinçileri 2023-nji ýyly ýokary zähmet üstünlikleri bilen jemlemekligiň hötdesinden geldiler.

Ussat tikinçileriň tutanýerli zähmeti, çeper ellerden çykan tikin önümleriniň hil derejesiniň ýokary bolmaklygy, kärhanada işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy hem-de yzygiderli gözlegler netijesinde ýyllyk meýilnama 125 göterimden aşyrylyp amal edildi. Şeýle ýokary netijäniň gazanylmagy fabrikde öndürijilikli zähmet çekmeklik we dynç almaklyk üçin amatly iş ş