tbfabrik@mail.ru Mary welaýaty, Tagtabazar etraby, Erden geňeşligi
img-fluid

Geçen hepdede TDHÇMB-de söwda geleşikleriniň netijesi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig mal biržasynda Türkmenistanyň Dokma senagat ministrligi boýunça söwda geleşikleriniň 11-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 645 müň dollaryndan gowrak boldy.

Nah ýüplük Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Hindistanyň, Gazagystanyň telekeçileriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Geleşikleriň jemi bahasy 8 million 885 müň manatdan gow...

img-fluid

DAŞOGUZ ŞÄHERINDÄKI «SERDAR» PAGTA EGRIJI FABRIGINIŇ DURKY TÄZELENER

Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egriji fabriginiň durkuny täzelemek we döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrmak göz öňünde tutulýar. Şunda Dokma senagaty ministrligi tarapyndan halkara bäsleşik geçirilip, bu mesele boýunça teklipler öwrenildi.

Daşoguzda geçirilen göçme Hökümet mejlisinde wise-premýer Ç.Gylyjowyň hasabatynda bellenişi ýaly, fabrigiň durkunyň täzelenip, döwrebap enjamlar bilen täzeden enjamlaşdyrylmagy netijesinde kärhananyň önümçilik kuwwaty artar, öndürilýän önümleriň hili ýoka...

img-fluid

TÜRKMENISTANYŇ DOKMA BRENDLERINIŇ ONLAÝN SÖWDASY ARTÝAR

Golaýda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Altyn Asyr» harytşynaslyk merkezi ähli dokma kärhanalarynyň öndürýän önümleriniň onlaýn söwdasy üçin ýörite web-saýty işe girizdi. «Altyn Asyr söwda meýdança» diýlip atlandyrylan onlaýn söwda platformasy arkaly Türkmenistanda öndürilen dokma önümlerini oturan ýeriňde satyn almak mümkin. Häzirki wagtda onlaýn sargyt edilen harytlaryň eltmesi Aşgabat şäheri boýunça tölegsiz amala aşyrylýar. Geljekde bu hyzmat ýurdumyzyň welaýatlarynda hem elýet...

img-fluid

TÜRKMENISTANYŇ DOKMA ÖNÜMLERI 20 ÝURDA EKSPORT EDILÝÄR

Türkmenistanda öndürilýän dokma önümleri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Ýewropa we Aziýa yklymlaryndan bolan ýurtlaryň 20-sine eksport edilýär. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazeti habar berýär.

Ýurdumyzda öndürilen dokma önümlerini esasy satyn alyjy ýurtlar Gruziýa, Türkiýe, Eýran, Birleşen Arap Emirlikleri, Russiýa, Hytaý, Ermenistan, Azerbaýjan, Belarus, Ukraina we Gazagystan bolup durýar. Dokma senagaty pudagy daşary ýurt kompaniýalary we maliýe guramalary bilen hem işjeň hyzmat...

img-fluid

Tagtabazaryň dokma fabrigi önümleriniň eksportyny artdyrmagy nazarlaýar

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabyndaky pagta-egirme fabriginde geçen 2020-nji ýyl meýilnamasy boýunça 4100 tonna bolup, 4271.5 tonna nah ýüplükler öndürilip, meýilnama 104.2 göterim amal edildi.

Fabrigiň önümleri esasan-da Türkiýä, Russiýa, BAE, Gazagystan, Gyrgyzstan, Gruzýa, Päkistan we Azerbeýjan döwletlerine ugradylýar. Şu ýylyň dowamynda eksport edilýän ýurtlaryň sanyny artdyrmak üçin işler alnyp barylýar.

1997-nji ýylda açylan fabrikde dokuz bölüm bolup, desga jemi 5.25 gektar meýdany eýe...

img-fluid

Aşgabatda güýzki-gyşky lybaslaryň görkezilişi bolar

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny güýzki-gyşky lybaslaryň görkezilişine çagyrýar. Dabara Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýär.

Lybaslaryň görkezilişigi 4-nji dekabrda «Altyn asyr» söwda merkezinde bolar. Dabara gündiz sagat 12-de başlar.

img-fluid

Lebabyň dokmaçy zenanlary bäsleşdi

Türkmenabat şäherindäki «Lebap» söwda we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramagynda «Hemişelik Bitarap Diýaryň çeper elli zenanlary» atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Oňa welaýatyň dokma senagaty ulgamynda zähmet çekýän dokmaçy gyzlaryň 9-sy gatnaşdy. Olar öz aralarynda bäsleşigiň «Gadymy nagyşlaryň syrlary», «Sungatym bar — hormatym bar», «Kesbi-kärim nesillere görelde» ýaly şertleri ...