tbfabrik@mail.ru Mary welaýaty, Tagtabazar etraby, Erden geňeşligi
img-fluid

Gahryman Arkadagymyz HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow HHR-iň Döwlet geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary, Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi Komitetiniň Syýasy býurosynyň Hemişelik Komitetiniň agzasy Din Sýuesýan bilen duşuşdy.

Günortanlyk nahary wagtyndaky duşuşygyň dowamynda söhbetdeşler iki döwletiň dünýä gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça garaýyşlarynyň ýakyndygyny ýa-da gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellediler. Bu bolsa özar...

img-fluid

Türkmenistanyň Innowasion Şäherinde “Arkadagyň Säheri” Atly Halkara Kinofestiwal Geçirildi

Şu günlerde Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda “Arkadagyň säheri” atly halkara kinofestiwal geçirildi. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň kinematograflarynyň gatnaşmagynda geçirilýän döredijilik çäresi Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzda ilkinji gezek guraldy. 

Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar be...

img-fluid

Türkmenistanda Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni bellenildi

Şu gün Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe gabatlanyp geçirilýän «Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe» atly halkara serginiň we onuň çäklerindäki ylmy maslahatyň dabaraly açylyşy boldy. Her ýyl geçirilýän bu çäre lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlaryny saglygy goraýyş ulgamyna ornaşdyrmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugt...

img-fluid

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärelere gatnaşdy

Şu gün — Hatyra gününde Türkmenistanda 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesiniň pidalary, şeýle hem ähli uruşlaryň söweş meýdanlarynda wepat bolan gahrymanlar hasrat bilen ýatlanýar. Paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak hatyra çäresine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy.

...Şol agyr ýyllardan bäri näçe wagt geçse-de, häzirki nesliň Watanyň edermen goragçylarynyň görkezen gahrymançylyklaryna goýýan hormat-sarpasy belentdir. Çünki olar nesilleriň nura...

img-fluid

Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy

Şu gün agzybir türkmen halky Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly 32 ýyllygyny uly buýsanç bilen belleýär.

Asylly däbe görä, esasy baýramçylyk çäreleri häzirki we geljek nesilleriň ýadynda müdimilik galjak taryhy wakanyň — Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň binagärlik nyşanyna — Garaşsyzlyk binasyna gül goýmak dabarasy bilen başlandy. Bu çärä hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşdy.

Garaşsyzlyk güni ýurdumyzyň özygtyýarly ösüşindäki şöhratly...

img-fluid

Aşgabat Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli gözel görke beslendi

Aşgabadyň merkezi köçeleri we şaýollary Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek esasy dabaralara mynasyp derejede sungat eserleri bilen bezeldi.

Ýurdumyzyň durmuşyndaky şanly senä we möhüm wakalara bagyşlanan döwlet nyşanlary, milli bezegler we watançylyk şygarlary şähere baýramçylyk öwüşginini berýär.

Esasy hökümet binalarynyň öňünde oturdylan özboluşly tehnologik gurluşlar, multimediýa ekranlar we yşykly ýazgylar aýratyn täsir galdyrýar.

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň

img-fluid

Duşenbede Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi başlandy

Şu gün Täjigistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşýar.

Ýokary derejedäki duşuşyga gatnaşyjylar bilelikdäki geçirilen işleriň netijelerini jemlärler, mundan beýläk hem bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň täze we anyk ugurlaryny, şeýle hem Araly halas etmegiň Halkara gaznasynynyň abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda Birleşen Milletler G...

img-fluid

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 8 million 337 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 23-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Gazagystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Hytaýyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Ermenistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri ýorgan-düşek toplumlaryny, nah we jins matalary, nah ýüplügi, portlandsementi, agardyl...

img-fluid

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistany ösdürmekde döwlet maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi barada aýdyp berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy sapak geçdi.

Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz Türkmenistany ösdürmekde döwlet maksatnamalaryň ýerine ýetirilişi barada aýdyp berdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy sözlerine görä, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe başyny başlan özgertmelerimiz barha rowaçlaný